Türkiýeden ABŞ-na Lukmançylyk Kömegini Alyp Giden Uçar Ankaradan Uçdy

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasynyň merkezine öwrülen ABŞ-na lukmançylyk kömegini alyp giden ýük uçary Ankaradan uçdy

1406828
Türkiýeden ABŞ-na Lukmançylyk Kömegini Alyp Giden Uçar Ankaradan Uçdy

Türkiýe Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesine laýyklykda epidemiýada 55 müňden gowrak raýatyny ýitiren ABŞ-nyň koronawirusa garşy alyp barýan göreşine goldaw maksady bilen hirurgik maska, ýüz goraýyjy gural, N95 maskasyny we kombenizon ýaly köp sanly öňüni alyjy saglygy goraýyş enjamlaryny ugratdy.

Milli goranmak we Saglygy goraýyş ministrlikleri tarapyndan taýarlanan enjamlar A400M kysymly ägirt uly ýük uçaryna ýüklendi.

Etimsgut harby howa menzilinden uçan uçardaky kömek enjamlarynyň gutularynyň üstünde Prezidentiň tugrasy bilen 13-nji asyrda ýaşap geçen alym, mutasawwyf Möwlana Jelaleddin Rumynyň “Umytlyzlygyň yzynda ençeme umytlar. Garaňkylygyň aňyrsynda eneçeme güneşler bar” diýen sözleri türk we iňlis dillerinde ýazyldy.

Türk ýaragly güýçlerine degişli A400M ýük uçarlary ozalam Italiýa, İspaniýa, Makedoniýa, Garadag, Serbiýa, Bosniýa-Gersegowia,Kosowa, Britaniýa we Somili ýaly ýurtlara kömek alyp gidipdi.



Degişli Habarlar