Ýewropanyň iň belent depelerinden biri bolan Matterhorn dagy türk baýdagynyň şekili bilen bezeldi

Matterhorn dagyna dürli günlerde dürli ýurtlaryň baýdaklarynyň şekilleri koronawirusa garşy göreşe goldaw maksady bilen düşürilýär.

1405488
Ýewropanyň iň belent depelerinden biri bolan Matterhorn dagy türk baýdagynyň şekili bilen bezeldi

 

Şweýsariýanyň Alp daglarynyň we Ýewropanyň iň belent depelerinden biri bolan Matterhorn dagy koronawirus epidemiýasyna garşy göreşe goldaw maksady bilen türk baýdagynyň şekili bilen bezeldi.

Ýurduň İtaliýa serhedinde ýerleşýän belentligi 4,478 metre barabar dünýä meşhur daga düşürilen aý-ýyldyzly baýdagyň şekili görenleri özüne bendi etdi.

“Zermatt” syýahatçylyk ofisinden berilen beýannamada koronawirusa garşy göreşde döwletler bilen arkalaşmak maksady bilen türk baýdagynyň çyralar bilen daga düşirilendigi nygtalýar.

Şweýsariýanyň Alp daglarynyň çür depesindäki jadylaýjy aý ýyldyzly baýdagyň şekili gysga möhletde Şweýsariýadaky türkleriň sosial media hasaplarynda iň köp goýulan fotosurat boldy.

Matterhorn dagyna dürli günlerde dürli ýurtlaryň baýdaklarynyň şekilleri koronawirusa garşy göreşe goldaw maksady bilen düşürilýär.   



Degişli Habarlar