Prezident Erdogan raýatlary 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy bilen gutlady

Prezident Erdogan, Türkiýäniň we bütin dünýäniň çagalaryny 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy bilen gutlady

1404025
Prezident Erdogan raýatlary 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, TBMM-nyň açylyşynyň 100 ýyllygy we 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy mynasybetli sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: "TBMM-nyň 100 ýyllygyny, Türkiýäniň we bütin dünýäniň çagalaryny 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy bilen gutlaýaryn" diýip belledi.

"Durmuşda bir çaganyň gülmeginden has uly bagt, bir çaganyň ýüreginden has uly mertebe ýokdyr" diýen Erdogan: "Söweşleriň, çaknyşyklaryň, açlygyň we ýetmezçiligiň gözýetimimizi daraldýan bir döwürde dünýäni gözelleşdirýän ýeke täk zat, siz çagalaryň gülmegidir.. Siz biziň geljegimiziň kepilligi, ertirki günlerimiziň umydymyz. Siz çagalar, has asuda, has bagtyýar, has adalatly, has owadan bir dünýäniň buşlukçysy ýaňdaýyndasyňyz. Sebäbi çaga bolmak, joşgunly bolmak, dünýä has sap, arassa, dury gözler bilen seretmek we ertirki güne şol tolgunma bilen ýöremek diýmekdir. Çaga bolmak ýüregindäki çäksiz, hasapsyz söýgä berk ýapyşmak diýmekdir. Nesip bolsa siziň her biriňiz ertirki gün sungat işgäri, syýasatçy, alym, mugallym, inžener, hukukçy, işewür adam ýa-da başga ýerlerde işlärsiňiz. Ine şol wagt galan kemçilikleri ortadan aýyryp, sizden soň geljek nesiller üçin has adalatly, has owadan dünýäni siz gurarsyňyz. 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramyňyzy gutlaýaryn, 23-nji apreli bize peşgeş beren Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemaly we egindeşlerini ýene-de bir gezek hatyralaýaryn. Maşgalalaryňyz, mugallymlaryňyz, dostlaryňyz bilen birlikde ýene-de ençeme baýramy geçirmegiňiz dilegi bilen baýramlaryňyzy gutlaýaryn" diýip nygtady.

Wise-prezident Fuat Oktaý hem Twitter hasabyndan beren beýanatynda, TBMM-nyň 100 ýyllygy bilen 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy bilen tüýs ýüreginden gutlaýandygyny belledi. 

Gazy Mustafa Kemal Atatürk başda bolmak bilen Milli Azat edijilik göreşinde we Mejlisiň esaslandyrylmagynda zähmet çeken ähli egindeşlerini ýatlap geçen Fuat Oktaý: "Hormatly çagalar, bu baýramda köçä çykmaýarys, 100-nji ýyly şüweleň bilen öýlerimizde belläp geçýäris. Hoş sag boluň, bu baýramda öýleriňzde galyň" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #gutlag , #Fuat Oktaý , #Erdogan

Degişli Habarlar