Türkiýe Kosowada 1600 maşgala azyk kömegini berdi

Türkiýede Kosowada koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde 1600 maşgala azyk kömegini paýlaýar

1399681
Türkiýe Kosowada 1600 maşgala azyk kömegini berdi

Paýtagt Priştinada azyk kömeginiň paýlanmagyna Türkiýäniň Kosowadaky İkçisi Çagry Sakar, Priştinanyň şäheri häkimi Şpend Ahmeti bilen Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentliginiň Priştinadaky wekili Hasan Burak Jeren gatnaşdy.

İlçi Sakar ol ýerde sözlän sözünde Kosowanyň garaşsyzlykdan ozal hem Türkiýe tarapyndan goldanýan ýurtlardan biridigini belläp, pandemiýa şertleriniň arkalaşygyň ähmiýetini ýene-de bir gezek subut edendigini aýtdy.

Türkiýäniň bu tapdyrda daşary ýurtlardaky dostlary bilen hem arkalaşygyny dowam etdirýändigini nygtan Sakar; “Golaýda Kosowa bilen bilelikde Balkan ýurtlaryndaky dostlarymyza kömek berdik. Şu gün hem TİKA-myz bilen Kosowada arkalaşygyň dowam edýändigi üçin örän şat” diýdi.

Ahmeti bolsa kömegiň ýerine düşmeginiň möhümdigine ünsi çekip, Türkiýä we TİKA-nyň yzgiderli häsýetde Priştina şäher häkimligine degişli goldawy berýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar