Milli Goranmak ministri Akar, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Akar, Türkiýäniň gören çäreleri, dost we hyzmatdaş ýurtlara beren kömekleri hakynda maglumat berdi

1399107
Milli Goranmak ministri  Akar, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, koronawirusa garşy göreşiň çäginde wideo konferensiýa arkaly geçirlen NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, ilkinji gezek Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki NATO-nyň ştab kwartirasynyň ýerine wideo konferensiýa arkaly geçirlen maslahat, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň çykyşy bilen başlady.

Koronawirusa garşy göreş meselesine garalan maslahatda çykyş eden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiýäniň gören çäreleri, peýdalanylan ýerli mümkinçilikler, dost we hyzmatdaş ýurtlara beren kömekleri hakynda maglumat berdi.

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleri koronawirusa garşy göreş, epidemiýanyň howpsyzlyk krizisine öwrülmezligi üçin görüljek çäreler, wirusyň orta we uzak möhletde ýetirjek täsirleri hakynda giňişleýin pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar