"Lukmançylyk enjamlary kömegi Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlugyň güýjüni görkezýär”
Britaniýa lukmançylyk enjamlary kömekleri üçin Türkiýä sag bolsun aýty
Britaniýa lukmançylyk enjamlary kömekleri üçin Türkiýä sag bolsun aýty
Britaniýanyň Ýewropadan jogapkär Döwlet ministri Morton, koronawirusa garşy göreşiň çäginde ugradylan lukmançylyk enjamlary kömegi üçin Türkiýä sag bolsun aýtdy.
Morton, Twitterden beren beýanatynda “Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluna we Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja 250 müň sany goraýjy egin eşik üçin sag bolsun aýdýaryn” diýdi.
Morton “14 tonnalyk lukmançylyk enjamlary kömegi Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlugyň güýjüni görkezýär”diýdi.
Türkiýäniň Britaniýa beren lukmançylyk enjamlary kömegi hakyndaky habarlara iňlis köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňişleýin ýer berdi.
İňlisler Türkiýä sag bolsun aýtdy.
Sean. MkGrinder Twitterden 1845-nji ýylda İrlandiýada başdan geçirlen uly gytçylyk döwründe hem Osmanlylaryň irlandiýalylara kömek berendigini ýatlatdy.
Türkiýe koronawirusa garşy göreşe goldaw bermek maksady bilen epidemiýa sebäpli uly ýitgi çekýän ýurtlardan biri bolan Britaniýa lukmançylyk enjamlaryny kömegini beripdi.
Türkiýe Britaniýa bilen birlikde Italiýa, Ispaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Bosniýa-Gersogow,na we Kosowa hem lukmançylyk enjamlaryny kömegini beripdi.