Çelik we Kurtuluş “Türkiýäniň Balkan ýurtlaryna berýän kömegi dowam eder”

Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat Sekretary Ömer Çelik Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşe goldaw bermek üçin Balkan ýurtlaryna ugradan lukmançylyk enjamlary we Ýewropa ýurtlaryna eýeleýän pozisiýalary hakynda beýannama berdi

1394856
Çelik we Kurtuluş “Türkiýäniň Balkan ýurtlaryna berýän kömegi dowam eder”
numan kurtulmuş.jpg

ÝB-ne agza ýurtlardaky köp sanly syýasatçynyň “Türkiýäniň Balkan ýurtlarynda güýçlenýän pozisiýasy gowşadylmaly” garaýyşyny ençeme gezek eşidendigini nygtan Çelik Twitter arkaly beren beýannamasynda: “Käbir Ýewropa ýurtlarynyň Balkan ýurtlary bilen bagly ýeke-täk maksady Türkiýäniň pozisiýasyny ejizletmäge esaslanýardy. Wirus epidemiýasy sebäpli Balkan ýurtlaryna kömek gerek bolanda hiç haýsy görünenok. Türkiýe bolsa Balkan ýurtlaryna iň agyr şertlerde kömek berýär. Türkiýäniň ýekelikde beren kömegini ÝB ne İtaliýa we İspaniýa üçin ne-de Balkan ýurtlary üçin berip bildi” diýdi.

Çelik Türkiýäniň taryhy we güýçli Ýewropa döwleti hökmünde Ýewropanyň kepillendirijisidigini görkezendigini belläp: “Ýewropany Türkiýesiz häsýetlendirmek mümkin däl. Güýçli Ýewropa döwletlerinden biriniň uçarynyň İtaliýa, İspaniýa, Serbiýa, Bosniýa-Gersegowina, Garadaga, Demirgazyk Makedoniýa we Kosowa baranyny gören bolmady. Türkiýe bolsa gumanitar arkalaşyk üçin ähli ýurda goldaw berýär. Türkiýe ynsanperwer arkalaşygy, taryhy gatnaşyklar, sebitleýin we global borçlary taýdan ýekelikde materikde tagalla edýär” diýdi.

Ömer Çelik Twitter arkaly beren habarnamasynda NATO-nyň arkalaşygy üçin mysal görkezilmäge mynasyp ýeke-täk ýurduň hem Türkiýedigine ünsi çekdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygynyň wekili Numan Kurtuluş bolsa: “Balkan halklary bilen ýakyn dostlary hökmünde şu agyr günlerde arkalaşygymyzy dowam etdireris” diýip ýazdy.

Kurtulmuş Twitter arkaly beren habarnamasynda: “Balkan ýurtlary bilen ýakyn dostlary hökmünde şu agyr günlerde arkalaşygymyzy dowam etdireris. Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowina, Garadaga, Demirgazyk Makedoniýa we Kosowa bwewn kömegi agyr günde dostlugyň nyşanydyr” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar