Türkiýäniň Ýewropada ýogalýan raýatlarynyň sany artýar

Türkiýäniň ÝB-nyň hemişelik wekilhanasynda işleýän bir raýaty, koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogaldy

1393925
Türkiýäniň Ýewropada ýogalýan raýatlarynyň sany artýar

Wekilhanada aşpez bolup işleýän Ahmet Egri, birnäçe wagt bäri hassahananayň agyr keselliler bölüminde bejergi alýardy. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiýäniň ÝB-nyň hemişelik wekilhanasynda işleýän aşpezimiz Ahmet Egri doganymyz koronawirus sebäpli bejergi alýan Brýusseldäki hassahanda aradan çykdy. Ýatan ýeri ýagty bolsun. Maşgalasyna we milletimize sabyr dileýärin" diýip belledi. 

Kovid-19 sebäpli 2 müň 35 adamyň ýogalan, 22 müň 194 adamyň wirusa ýolugan Belgiýada, wirus sebäpli ýogalan türk raýatlarynyň sany 16-a ýetdi. 

Beýleki tarapdan, Germaniýanyň Nýurnberg, Kýoln, Ştuttgart we Essen sebitlerinde 3-si zenan Türkiýäniň jemi 5 raýaty koronawirus sebäpli ýogaldy. Soňky ýogalan adamlar bilen birlikde Germaniýada koronawirus sebäpli ýogalan türkleriň sany 42-ä ýetdi. 


Etiketkalar: #Ýewropa , #ÝB , #raýat , #Türkiýe

Degişli Habarlar