Muglada Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen bosgunlar halas edildi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda, Gresiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen 17 bosgun halas edildi

1393012
Muglada Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen bosgunlar halas edildi

Bodrum etrabynyň Karaada diýilen ýerinde, Gresiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan gaýyklaryndaky ýangyçlary boşadylyp, Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen bosgunlaryň kömek soramagyndan soň, Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy sebite gönükdirildi. 

Bodrum etrabynyň suw giňişliginde kyn ýagdaýda galan 17 bosgun, Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugyna degişli gaýyklara geçirildi. 

Porta getirilen bosgunlar, deslapky işlerinden soň welaýatyň Migrasiýa gullugyna gönükdiriler. 



Degişli Habarlar