Koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda 124 türk raýaty ýogaldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşuglu koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda 124 türk raýatynyň ýogalandygyny aýtdy

1390329
Koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda 124 türk raýaty ýogaldy

Mewlüt Çawuşugly, NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň wideo konferensiýa arkaly geçirlen maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Çawuşoglu koronawirus sebäpli17-nji martdan bäri 50-den gowrak ýurtdan 20 müňden gowrak türk raýatynyň ýurda getirlendigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglu, daşary ýurtlarda koronawirus sebäpli ýogalan türk raýatlary hakynda “Gynansakda koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyzdan 124-i ýogaldy” diýdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran bolsa Twitterden berren beýanatynda,

Fransiýada 47

Gollandiýada 20

Germaniýada 23

Belgiýada 10

Britaniýada 9

ABŞ-da 9

Şwesiýada 5

Şweýsariýada 3

Awstraliýada hem 2 türk raýatynyň koronawirus sebäpli ýogaldygyny belledi.



Degişli Habarlar