Türkiýäniň Prezidenti Ispaniýanyň Premýer ministrine hat ugratdy

Erdogan Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançese ugradan hatynda şu aşakdaky setirleri ýazdy:

1390069
Türkiýäniň Prezidenti Ispaniýanyň Premýer ministrine hat ugratdy

"Hormatly Premýer ministr, Gadyrly dostym,

Dost we hyzmatdaş Ispaniýanyň dünýäniň ähli ýerine ýaýran Kovid-19 epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren ýurtlarynyň hataryndadygyny bilýärin. Ispaniýanyň ähli halkyna we esasan hem bu kyn günlerde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna hem ýurdumyň hem-de milletimiň adyndan gynanç bildirýärin. 

Türkiýe hökmünde, Ispaniýanyň halkynyň jebis bolup krizise garşy alyp barýan ukyply we tutanýerli pozisiýasyna uly takdyr bilen gözegçilik edýäris. Hökümetiňiziň epidemiýanyň ilkinji günlerinden bäri alyp täsirli çäreler görüp, krizise garşy şowly we üstünlikli bir göreş alyp barýandygyny görýäris. Size bu işleriňizde üstünlikler arzuw edýäris. Dosltlukly Ispaniýanyň halkyna bu apaty iň gysga we iň az zyýan bilen başyndan geçirmegini, ýaňadandan durnukly, asuda we abadan günleriň gaýdyp gelmegini dileýärin. 

Türk dilinde "Hakyky dost kyn günde belli bolar" diýen nakylymyz bar. Bu düşünje bilen NATO-nyň Ýewropa-Atlantik Apat koordinasiýa merkeziniň üsti bilen bildiren talabyňyza jogap hökmünde, şu gün Harby-howa güýçlerimize degişli uçar bilen ýurduňyza lukmançylyk enjamlaryny ugratdyk. 

Bu epidemiýa garşy göreşiňizde siziň alyhezretleriňize we hökümetiňize üstünlikler dileýärin. Başymyzdan geçýän bu agyr günler geçeninden soň, ozal siz bilen duşuşyk geçiren mahalym hem belläp geçişim ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy özgertjek ädimler barasynda gepleşikler geçirmek maksady bilen, nobatdaky Hökümetara maslahatymyzy geçirmek üçin sizi ýurdumyza çagyrýaryn" diýip belledi.  


Etiketkalar: #hat , #Ispaniýa , #Erdogan

Degişli Habarlar