Italiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Italiýa täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşe berýän goldawy we hyzmatdaşlygy üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

1388393
Italiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Italiýanyň Daşary işler ministri Luigi Di Maio telefon arkaly söhbetdeş boldylar. 

Diplomatik habar çeşmelerden alynan maglumata görä, telefon söhbetdeşligi Di Maionyň islegine laýyklykda geçirildi. 

Telefon söhbetdeşliginde, Di Maio, ministr Çawuşoglyna Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşde Türkiýäniň berýän goldawyna we hyzmatdaşlygyna minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar