Prezident Erdogan kampaniýa 7 aýlyk aýlygyny bagyşlady

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisiden soň halka ýüzlenip çykyş etdi

1387891
Prezident Erdogan kampaniýa 7 aýlyk aýlygyny bagyşlady

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisiden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident R. T. Erdogan, bütin dünýäni täsiri astyna alan koronawirus epidemiýasyna garşy görlen çäreler sebäpli kynçylyk çekýän raýatlara goşmaça goldaw bermek maksady bilen “Biz bize ýeteris Türkiýäm” atly milli arkalaşyk kampaniýasyny başladandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan “Kampaniýa 7 aýlyk aýlygymy bagyşlaýaryn” diýdi.

Ministrler kabinetiniň agzalarynyň hem kampaniýa goldaw berendigini aýdan Prezident Erdogan, işewür adamlaryndan we haýyr sahawady söýüjilerden uly goldawa garaşýandyklaryna ünsi çekdi.

Erdogan “Arçynlarymyz arkaly kynçylyk çekýän maşgalalara goldaw bereris” diýip belledi.

“Hiçbir wirus biziň jebisligimizden, bitewiligimizden we doganlygymyzdan has güýçli däl” diýen Erdogan, Türkiýäniň saglygy goraýyş pudagynyň infstrukturasy, hünärmenleri, dermanlary we hassahanalaryň agyr keselliler bölümiň sany taýdan beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende uly mümkinçilige eýedigini ýatlatdy.

Koronawirus epidemiýasynyň başlan gününden bäri, Ylym geňeşiniň maslahatlaryna görä, “saglygy goraýyş çärelerini bir kemsiz ýerine ýetirýäris” diýen Erdogan,  “Ýurdumyz esasy azyk önümlerini özü öndürýändigi üçin hiç hili kynçylyk ýok. Ýeterlik azygymyz bar” diýdi.

Prezident Erdogan “Hiçbir kesel biziň ýagty geljegimize böwet bolup bilmez. Hiçbir howp biziň maksadymyza ýetmegimizden ýüz öwürdip bilmez. Sebäbi biz Türkiýe” diýip belledi.



Degişli Habarlar