Türkiýede Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 59 adama ýetdi
Türkiýede mekdepler 30-njy aprele çenli ýapyk bolar
Türkiýede Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 59 adama ýetdi
Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitterden beren beýanatynda “Koronawirus sebäpli ýene-de 15 adam ýogaldy, şeýlelikde ýogalanlaryň sany 59 adama ýetdi” diýdi.
Ministr Koja, soňky 24 sagatda 5 müň 35 adamyň barlagdan geçirlendigini we 561 adama koronawirusyň ýokaşandygynyň anyklanylandygyny belledi.
Saglygy goraýyş ministri Koja, Ylym geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýanatynda koronawirus ýokaşanlardan 26 keselliniň bolsa sagalandygyny aýdypdy.
Ylym geňeşiniň maslahatyna gatnaşan Milli bilim ministri Ziýa Selçuk, Türkiýede mekdepleriň 30-njy aprele çenli ýapyk boljakdygyny we okuwçylara uzakdan bilim berilmäge dowam etjekdigini nygtady.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar