Fuat Oktaý daşary ýurtda okaýan türk talyplara çagyryş berdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, daşary ýurtda okaýan türk talyplara çagyryş berdi

1382242
Fuat Oktaý daşary ýurtda okaýan türk talyplara çagyryş berdi

Fuat Oktaý Britaniýa, Irlandiýa, Şweýsariýa, Polşa, Italiýa, Müsür, Saud Arabystany we BAE ýaly ýurtlarda okaýan we Türkiýä gaýdyp gelmek isleýän talyplaryň 21-nji mart şenbe güni ýerli wagt bilen sagat 17:00-a çenli şol ýurtlardaky diplomatik wekilhanalara ýüz tutmaklaryny isledi. 

Twitterden beýanat beren Fuat Oktaý: "Raýatlarymyzyň ýurda gaýdyp gelmek etaby Daşary işler, Içeri işler, Saglygy goraýyş we Infrastruktura ministrliklerimiziň koordinasiýasy esasynda Türk howa ýollarynyň üsti bilen üpjün ediler we Bilim geňeşiniň koronawirusa garşy görýän çäreleriniň çäginde 14 gün karantin astynda saklanar" diýip belledi. 


Etiketkalar: #türk , #talyp , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar