Türkiýede koronawirus ýokaşanlaryň sany 47 adama ýetdi

halkyň koronawirusdan goralmagy we pandemiýanynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen çäreler görülýär

1379323
Türkiýede koronawirus ýokaşanlaryň sany 47 adama ýetdi

 

Türkiýede koronawirus ýokaşanlaryň sany 47 adama ýetdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitterden beren beýanatynda “Ýene-de 29 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Koronawirus keselliler gönüden ýada aýlawly ýollardan ABŞ, Ýakyn Günogar we Ýewropa ýurtlarly bilen baglanşykly, 3 adam bolsa Umradan gelenlerden”diýdi.

Beýleki tarapdan halkyň koronawirusdan goralmagy we pandemiýanynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen çäreler görülýär.

Halkyň koronawirusdan goralmagy maksady bilen ähli jemgyýetçilik we dynç alyş ýerleri, kino-teatrlar, konsert zallary, kafeler, aýdym sazly naharhanalar we çaýhanalar düýn gije ýapyldy.

Türkiýe wagty bilen sagat 08.00-dan başlap Britaniýa, Şwesiýa, Saud Arabystanyna, Müsüre, Irlandiýa we Birleşen Arap Emirliklerine guralýan uçar saparlary bes edildi.

Din işleri edarasynyň başlygy Ali Erbaş hem koronawirusyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Kowid-19 howpy ortadan aýrylýança Juma namazy bilen birlikde metjitlerde namaz okalmajakdygyny habar berdi.

Prezident R. T. Erdogan hem ertir mesele hakynda giň gerimli maslahat geçirer.



Degişli Habarlar