Idlibdäki Türk-Rus umumy gözegçilik işleriniň ilkinjisi ýerine ýetirildi

Siriýanyň Idlib sebitindäki M4 ýolunda gury ýer we howa güýçleriniň gatnaşmagynda Türk-Rus umumy gözegçilik işiniň ilkinjisi ýerine ýetirildi

1378471
Idlibdäki Türk-Rus umumy gözegçilik işleriniň ilkinjisi ýerine ýetirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: “Moskawada gazanylan ylalaşygyň çäginde, Idlibdäki M4 ýolunda gury ýer we howa güýçleriniň gatnaşmagynda 1-nji Türk-Rus umumy gury ýer gözegçilik işi amala aşyryldy” diýip habar berildi.

Takmynan 80 km liniýada geçirilen gözegçilik işi bilen od açmazlyk baradaky ylalaşygyň hemişelik ýagdaýa getirilmegi meýilleşdirilýär.

Prezident R.T. Erdogan bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň arasynda 5-nji martda Moskwada geçirilen duşuşykdan soň, Idlibde od açmazlyk barada ylalaşyk gazanylypdy.



Degişli Habarlar