“Gapan-8 Agry dagy-Çemçe-Madur” operasiýasy başladyldy
Agry, Kars we Ygdyr welaýatlarynda 1012 adamyň gatnaşmagynda “Gapan-8 Agry dagy-Çemçe-Madur” operasiýasy başladyldy
1377437

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Agry-Kars-Ygdyr welaýatlarynda bardygy çak edilýän ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen “Gapan-8 Agry dagy-Çemçe-Madur” operasiýasynyň başladylandygy mälim edildi.
Operasiýa 1012 harbynyň gatnaşýandygy mälim edilen beýanatda, ýurdyň öz içinde terrory dolulygyna ýok etmegi maksat edinýän Gapan operasiýalarynyň, halkyň goldawy bilen tutanýerli we üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi habar berildi.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan Malaýziýada Saparda Bolýar
Erdogan, Malaýziýada Premýer-ministri Enwer Ibrahim tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.