Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri koronawirus bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja koronawirus bilen bagly beýanat berdi

1375827
Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri koronawirus bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýede häzirki wagta çenli gabat gelinen täze görnüş koronawirus (Kovid-19) wakasyna gabat gelinmändigini, emma bar bolmak ähtimallygynyň hem ýokarydygyny aýan etdi. 

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda koronawirus epidemiýasyna garşy görülýän çäreler bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Epidemiýanyň başlan pursadyndan başlap, howa menzillerinde termik ýylylyk kameralarynyň ýerleşdirilendigini, Hytaýa guralan uçar saparlarynyň goý bolsun edilendigini, Eýran bilen bolan gümrük geçelgeleriň ýapylandygyny ýatladan Koja, Ýewropanyň bolsa öňüni alyş çärelerini giýç almaga başlandygyny we ony hem dowam etdirýändigini habar berdi. 

Günsaýyn Ýewropada wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artýandygyny aýdan ministr Koja, Germaniýada we Fransiýada öňümizdäki günlerde has köp wakanyň boljakdygyny mälim etdi. 

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: "Ýewropa bilen edýän gatnaşyklarymyz örän uly. Bu epidemiýanyň Türkiýede bar bolmak ähtimallygy örän ýokary we häzirki wagtda diňe şuny belläp bileris: bu wirusa entek gabat gelinmedi. Muny adamlara bir zada öwrenişdirmek üçin aýtmaýaryn. Meseläniň hakyky tarapy bar" diýip belledi. 

 

 



Degişli Habarlar