“Türkiýäniň günorta serhetleri, NATO-nyň hem günorta serhedidir”

Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy

1375068
“Türkiýäniň günorta serhetleri, NATO-nyň hem günorta serhedidir”

Iş sapary bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Prezident R. T. Erdogan , saparynyň çäginde NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

Erdogan bilen Stoltenberg özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Türkiýäniň 9 ýyldan bäri Siriýa tarapyndan abanýan howplara garşy göreşýändigini aýdan Erdogan “Terror guramasy DAIŞ-e garşy tutanýerli göreş alyp barýan we bu ugurda şehitler beren NATO agza ýeke-täk ýurt Türkiýe” diýdi.

Prezident Erdogan başdan geçirilýän ynjyk döwürde NATO-nyň Türkiýä goldaw berýändigini açyk aýdyň görkezmelidigini belledi.

Prezident Erdogan “Esasy mesele NATO-nyň ýurdumyzyň goranyşyna we terrorçylyga garşy alyp barýan göreşine goldaw bermegidir. Hyzmatdaşlarymyz hiç hili syýasy şerti öňe sürmezden biz goldaw bermelidir”diýdi.

“Türkiýäniň günorta serhetleri, NATO-nyň hem günorta serhedidir” diýen Erdogan “Ýewropa ýurtlary Siriýadaky çaknyşyklara we gumanitar pajyga ünsiz çemeleşip bilmez” diýip belledi.



Degişli Habarlar