Oktaý hemaýatkär ýurt hökmünde Russiýanyň jogapkärçilikleri berjaý etmelidigini aýtdy

Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý, Siriýanyň İdlib welaýatynda hüjümleriň bes edilmegi üçin Russiýanyň hemaýatkär ýurtlar hökmünde borçlaryny berjaý etmegine garaşýandyklaryny aýtdy

1373569
Oktaý hemaýatkär ýurt hökmünde Russiýanyň jogapkärçilikleri berjaý etmelidigini aýtdy

Oktaý Mersinde beren beýannamasynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda İdlib şäherindäki şertler hakynda: “Prezidentimiziň Russiýa saparynyň netijesinde gazanylan goşmaça ylalaşyk Astana we Soçi tapgyrlaryny gaýtadan dikeldýär” diýdi.

Oktaý Edirneden Gresiýanyň üstaşyr Ýewropa geçmäge synanşýan bosgunlar barada bolsa Gresiýanyň bigünä adamlara edýän zulumynyň hemmeler tarapyndan görülýändigini beýan etdi.

Oktaý: “Çagalara atylan gaz bombalary, goragsyz bosgunlara atylan gülleler Ýewropanyň öwünýän gymmatlyklarynyň haýsysyna bap gelýär? Bir tarapda dinine ýa-da etniki gelip çykyşyna görä tapawut goýmazdan sygynanlaryň ählisine bagryna basan Türkiýe, beýleki tarapda bolsa adalatly jogapkärçilikde gaçýanlar, bosgun we adamkärçilik düşmanlary bar” diýdi.



Degişli Habarlar