“Ýewropanyň Ýeke-Täk Derdi Bosgunlaryň Gelmeginiň Önüni Almak”

Bu beýanat Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun tarapyndan berildi

1371606
“Ýewropanyň Ýeke-Täk Derdi Bosgunlaryň Gelmeginiň Önüni Almak”

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun wagtlaýyn hemaýat berme derejesini bes eden we bosgunlara göz ýaşardyjy gaz atan ýurduň ahlakdan söz etmeli däldigini beýan etdi.

Altun Twitter arkaly iňlis dilinde beren habarmasynda Gresiýanyň bosgunlara wagşylarça çemeleşýändigini we soňam günäni Türkiýäniň üstüne atýandygyny belläp: “Ol, uzak ýyllaryň dowamynda görülýän iki strandartlylyk we iki ýüzlülik. Wagtlaýyn hemaýat berme derejesini bes eden we bosgunlara göz ýaşardyjy gaz atan ýurt, ahlakdan söz etmesin. ÝB Ýewropanyň bosgunlaryň “çozuşyna” sezewar bolmagyň öňüni almak üçin Gresiýa täze front hökmünde garaýar we oňa goldaw bermäge synanşýar. Ýewropanyň soňky 9 ýylda iş ýüzüne geçirýän howpsyzlyga esaslanýan çemeleşmesi hem şundan ybaratdy” diýip ýazdy.

Siriýada dowam edýän gumanitar pajyganyň ortadan aýrylmagy üçin Ýewropanyň we halkara jemgyýetçiliginiň işe girişmelidigini beýan eden Altun, zulumyny dowam etdirýän we howpy ortadan aýrylmadyk hökümetiň öňüniň alynmalydygyny nygtady.

Altun halkara jemgyýeçiliginiň hem goldawyny Gresiýa däl, eýsem Siriýa gönükdirmelidigini beýan etdi.

ÝB-niň 2015-nji ýylda Türkiýe bilen gol çekişen ylalaşygynyň hem gumanitar maksatly däl, eýsem howpsyzlygy ileri tutýan düşünjä esaslanýandygy üçin bosgunlaryň Ýewropa geçmeginiň öňüni almak üçin kabul edilen ylalaşykdygyny nygtan Altun: “Şol wagtlar hem ÝB maliýe üpjünçiligi, wiza erkinligi we beýleki birnäçe meselede öz üstüne düşýän borçlaryny berjaý etmedi. Türkiýe ähli ýüki öz üstüne alandan soň Ýewropa üçin bosgunlar meselesi hem çözüldi. Aslyna seredilende mesele çözülmändi, Türkiýäniň başlangyçlary saýasynda Ýewropa ýetirýän täsirleri çäklendirilipdi. ÝB ähli işler kadaly ýaly çemeleşip, Siriýada dowam edýän gumanitar pajygany görmediksiredi. Serdişdeler Ýewropa gidýänleriň öňüni almagyň ýerine İdlibden gelen bosgunlara we ejir çekýän adamlar üçin sarp edilmäge başlandy. Şeýlelikde bosgunlar boýunça syýasatymyzy üýtgetmeli bolduk. Milli, ykdysady we harby serişdeler şol çäkde peýdalanylýar. ÝB-niň bolsa entegem ýekeje aladasy Ýewropa göçýänleriň öňüni almak” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar