“Bahar galkany” operasiýasy meýilleşdirlişi ýaly dowam edýär”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Türk ýaragly güýçleriniň Idlibde geçirýän “Bahar galkany” operasiýasynyň meýilleşdirlişi ýaly dowam edýändigini aýtdy

1371764
“Bahar galkany” operasiýasy meýilleşdirlişi ýaly dowam edýär”

Hulusi Akar Türkiýäniň Mejlisinde metbugatyň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.

27-nji fewralda Siriýanyň Idlib welaýatynda hüjümlerini ýaýbaňlandyran hökümete garşy başladylan “Bahar galkany” operasiýasy barada beýanat beren Akar: “Biziň maksadymyz çözgüt tapmak, parahatçylykly usullardan peýdalanmak. Sebitiň abadançylygy, asudalygy, akýan ganyň durmagy üçin irginsiz tagalla edýäris. Hormatly Prezidentimiz R.T.Erdogan hem gije-gündiz gysga möhletde asudalygyň üpjün edilmegi, ylalaşylan ugurlaryň iş ýüzüne geçirilmegi üçin tagalla edýär. ony ýene-de bir gezek ertir Moskwada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygynda beýan eder” diýdi.

“Bahar galkany” operasiýasynyň meýilleşdirlişi ýaly dowam edýändigini aýdan Akar: “İdlibde asudalygyň, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin iş alyp barýarys. Türk esgerleri gahrymanlarça, egilşiksiz tagalla edýär” diýdi.



Degişli Habarlar