17 günde Asada tabynlykdaky güýçlerden 1709 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi

55 tank, 3 dikuçar, 18 sowutly ulag, 29 gaubisa, 21 harby ulag we 6 ýarag ammary bilen 7 minemýot hatardan çykaryldy

1368098
17 günde Asada tabynlykdaky güýçlerden 1709 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk Ýaragly güýçleri tarapyndan, Siriýanyň Idlib welaýatynda 17-nji fewraldan bäri guralýan operasiýada Asada tabynlykdaky güýçlerden 1709 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, hüjümleriň bes edilmegi üçin Idlibde iş alyp barýan Türk ýaragly güýçleri 17 günde Asada tabynlykdaky güýçlerden 1709 adamy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 Türk Ýaragly güýçleri 55 tanky, 3 dikuçary, 18 sowutly ulagy, 29 gaubisany, 21 harby ulagy we 6 ýarag ammary bilen 7 minemýody hatardan çykardy.



Degişli Habarlar