PKK/KJK-nyň ýolbaşçylaryndan Ýahýa Duman täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň Mahmur-Kerkük sebit ýolbaşçysy Ýahýa Duman, Yragyň Sinjar sebitinde geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi

1366085
PKK/KJK-nyň ýolbaşçylaryndan Ýahýa Duman täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýa Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan geçirildi.

Interpol tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän "Sabri Tori" kod adyny ulanýan Ýahýa Dumanyň terror guramasynyň düzümine 1993-nji ýylda goşulandygy, Siirt we Şyrnak welaýatlarynda geçirilen terrorçylykly aksiýalara gatnaşandygy, 2016-njy ýylda Mardin welaýatynyň Dargeçit Dibeklidäki birikmä guralan hüjümi dolandyrandygy aýan edildi.

Operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň PKK-nyň Yrakdaky ýörite mekdebinde ideologik we harby tälim berendigi, 2019-njy ýylda bäri bolsa Mahmur-Kerkük sebitiniň ýolbaşçysy hökmünde wezipe alyp barýandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #PKK , #operasiýa

Degişli Habarlar