Erdogan: "Maksat Türkiýe-Azerbaýjan söwda kuwwadyny 15 milliard dollara ýetirmek"

Liderler Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşarlar

1366323
Erdogan: "Maksat Türkiýe-Azerbaýjan söwda kuwwadyny 15 milliard dollara ýetirmek"
erdoğan azerbaycan.jpg
aliyev.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýe we Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda kuwwadynyň takmynan 4,5 milliard dollardygyny belläp: "Indi bolsa esasy maksat söwda kuwwadyny ozal kesgitleýşimiz ýaly 15 milliard dollara ýetirmek" diýip belledi. 

Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahaty, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Prezident Erdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda başlady. 

Maslahatdan ozal beýanat beren Erdogan: "Indi bolsa esasy maksat söwda kuwwadyny ozal kesgitleýşimiz ýaly 15 milliard dollara ýetirmek. Bu babatda doganym Ilham Aliýew bilen ylalaşyga geldik. Munyň üçin ministrlerimiz ellerinden gelenini gaýgyrmaly däl" diýip belledi. 

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk we doganlyk esasynda düzülen strategik gatnaşyklardygyny aýdan Aliýew, maslahatyň Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklaryň gelejegi taýdan möhümdigini belläp, gol çekiljek şertnamalaryň gatnaşyklary örän güýçlendirjekdigini habar berdi.  


Etiketkalar: #Türkiýe , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar