Çawuşoglu, Gresiýanyň Prezidenti Pawlopulosyň, sözüne berk garşylyk görkezdi
"Siz näme diýseňiz diýiň, Günbatar Frakiýa türk azlygy asyrlaryň dowamynda türkdi we türk hökmünde galar”
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopulosyň, Günbatar Frakiýa guran saparynyň çäginde musulman türk azlyklary hakynda aýdan “Musulman grek azlygy” sözüne berk garşylyk görkezdi.
Çawuşogulu mesele hakynda beren beýanatynda “Demokratiýanyň merkezidigini aýdýan ýurduň prezidenti, Ýewropa Adam hukuklary kazyýetiniň kabul eden kararlaryna garamazdan ýene-de Musulman türk azlygy hakynda “Grek musulman azlyk” diýdi. Siz näme diýseňiz diýiň, Günbatar Frakiýa türk azlygy asyrlaryň dowamynda türkdi we türk hökmünde galar” diýip belledi.
14-nji martda iş möhledi tamamlanýan Prezident Pawlopulos, şenbe güni Günbatar Frakiýa guran saparynyň çäginde eden çykyşynda, Günbatar Frakiýa türk azlygynyň diňe dini azlykdygyny, Stambuldaky prowaslaw grek azlygynyň bolsa milli azlykdygyny öňe sürdi.
Prezident Pawlopulos çykyşynda Stambuldaky grek azlyklary barada “grek azlygy” diýýärkä, Gresiýadaky türk azlygy barada bolsa “Grek musulman azlygy” diýipdi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi Abdulati bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň mirasdar şazadasyny kabul etdi
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Akişinony kabul etdi