Türkiýe bilen Russiýa Idlib meselesinde ylalaşygyň gazanylmagy üçin hyzmatdaşlyk edýär

Mewlüt Çawuşoglu rus Izwestiýa gazetine beýanat berdi

1360992
Türkiýe bilen Russiýa Idlib meselesinde ylalaşygyň gazanylmagy üçin hyzmatdaşlyk edýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Türkiýe bilen Russiýanyň Idlib meselesinde ylalşygyň gazanylmagy üçin hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglu rus Izwestiýa gazetine beren beýanatynda, Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

İdlibde uly işleriň durmuşa geçirilmelidigine ünsi çeken Çawuşoglu, “Türkiýe bilen Russiýa, Idlib meselesinde ylalaşygyň gazanylmagy üçin hyzmatdaşlyk edýär. Bu meselede Moskwa giden wekiliýetimiziň geçirjek gepleşiklerinden soň anyk karar kabul ediler. Siriýa meselesiniň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaki gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirmegine rugsat bermeris” diýdi.



Degişli Habarlar