Liwiýadaky hadysalar Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ara alynyp maslahatlaşyldy

Mewlüt Çawuşogly, taraplaryň arasynda ylalaşygyň üpjün edilmeginiň syýasy etap üçin örän möhümdigini beýan etdi

1360398
Liwiýadaky hadysalar Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ara alynyp maslahatlaşyldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Liwiýa Halkara gözegçilik komitetiniň maslahatyndan soň Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasyna beýanat berdi. 

Çawuşogly: "Taraplaryň arasynda ylalaşygyň üpjün edilmegi mundan soňky syýasy etap üçin örän möhümdir. Mundan soň BMG we beýleki halkara guramalar bilen nämeler etjekdigimiziň üstünde durup geçdik. Türkiýe hökmünde ýeke täk çözgüdiň syýasy çözgütdigini we şol sebäpli Hafteriň düzgün bozmalarynyň we hüjümleriniň duruzulmalydygyny belläp geçdik. Mundan soňky maslahat Italiýanyň Rim şäherine geçiriler" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Rimdaki maslahtyň gününiň entek belli däldigini nygtady. 

 



    Degişli Habarlar