Çawuşogly Mýunhen maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly 56-njy Mýunhen Howpsyzlyk konfrenesiýasy we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

1360407
Çawuşogly Mýunhen maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirendigini aýdan Çawuşogly: "Rus wekiliýet bilen biziň wekiliýetimiz ertir Moskwada duşuşyk geçirerler. Maslahatda bolsa Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirip, mundan beýläk Idlibde hüjümleriň durmagynyň gerekdigini belläp geçdik we hemişelik, mundan soň düzgüni bozulmajak bir ylalaşygy ýola goýmalydygymyzy nygtap geçdik. Bularyň ählisini şonsyzam wekiliýetimiz ertir Moskwada ara alyp maslahatlaşarlar" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, düýn Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi bilen geçiren duşuşygynda täze görnüş koronawirus epidemiýasyny maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Esasan hem Hytaýda ýaşaýan Uýgurlaryň ýagdaýyny giňişleýin maslahatlaşandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Uýgurlar bilen baglanşykly geçiren ähli gepleşiklerimizde bu meseläni gün tertibe getirýäris, Hytaýyň deň hukukly bir raýaty hökmünde ähli hukuklaryny ulanyp bilmegi, asudalyk we parahatçylyk içinde ýaşamagy biziň hemişe ileri tutan ugrumyz boldy. Bu meseledäki talaplarymyzy hem gün tertibe getirdik. Uýgurlaryň adaty raýatlar ýaly ähli hukuklary ulanyp, ýaşamak hukugy bar" diýip aýan etdi. 

Mýunhende Liwiýada hemişelik parahatçylygyň we syýasy etabyň janlandyrylmagy maksady bilen geçirilen Liwiýa Halkara gözegçilik komitediniň maslahatyna hem gatnaşandygyny ýatladan Çawuşogly, Türkiýäniň Liwiýada hemişelik bir parahatçylyk ylalaşygynyň bolmagynyň gerekdigini belläp geçendiklerini mälim etdi. 

 

 



Degişli Habarlar