Türk wekiliýeti Idlib meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýa gider

Mewlüt Çawuşoglu türk wekiliýetiniň Idlib meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýa gitjekdigini aýtdy

1360053
Türk wekiliýeti Idlib meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýa gider

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu duşenbe güni türk wekiliýetiniň Idlib meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýa gitjekdigini aýtdy.

56-njy Mýunhen Howpsyzlyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Mýunhen şäherine giden Mewlüt Çawuşoglu nemes kärdeşi Maas bilen duşuşdy.

Maas bilen Idlibde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Çawuşoglu, Idlibde hökümetiň syýasy çözgüdiň ýerine harby çözgüde ynanýandygyny we soňky döwürde guraýan hüjümleriniň artandygyny belledi.

Çawuşoglu şol hüjümleriň bes edilmegi üçin Türkiýe bilen Russiýanyň tagalla edýändigini nygtady.

Çawuşoglu “Duşenbe güni wekiliýetimiz Moskwa gider, ozal hem rus wekiliýeti Ankarada saparda boldy, gepleşiklerimiz dowam eder” diýdi.

Hüjümleriň bes edilmegi üçin birlikde tagalla edilmelidigine ünsi çeken Çawuşoglu “Eger biz hüjümleri bes edip bilmesek uly gumanitar pajyga başdan geçirler” diýip belledi.



Degişli Habarlar