“Türkiýe Kaşmir meselesiniň gepleşik arkaly çözülmegine goldaw berýär”

Erdogan bilen Han duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi

“Türkiýe Kaşmir meselesiniň gepleşik arkaly çözülmegine goldaw berýär”

 

Pakistanda saparda bolýan Prezident R. T. Erdogan, saparynyň çäginde Türkiýe-Pakistan işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan işewürler maslahatynda sözlän sözünde Pakistan bilen Türkiýäniň arasyndaki söwda mukdaryny ilki 1 milliard dollara, wagtyň geçmegi bilen hem 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Türkiýäniň Pakistandaky maýa goýumlarynyň 500 million dollara barabardygyny gürrüň beren Erdogan “Şu günkü güne çenli ýurdumyza ynam bildiren we Türkiýede maýa goýan hiç kim puşman bolmady” diýdi.

Pakistanyň halkynyň saglygyny bejertmek üçin Günbatarly ýurtlara gidýändigini nygtan Prezident Erdogan, “ Türkiýe saglygy goraýyş pudagynda uly öňe gidişlik etdi. Dünýäniň çar tarapyndan gelýän hassalary berjerýär, bahalary hem amatly. Pakistanly doganlyrymyz hem saglyklaryny bejertmek üçin Türkiýä gelip bilerler” diýdi.

Prezident Erdogan  maslahatdan soň Pakistanyň Premýer ministri Imran Han bilen duşuşdy.

Premýer ministrlikde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Erdogan bilen Han duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan beýanatynda “Türkiýe Kaşmir meselesiniň gepleşik arkaly BMG-nyň kararlaryna laýyklykda çözülmegine goldaw berýär” diýdi.

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han hem “8 milliona golaý kaşmirli açyk howa tussaghanasynda ýaşaýar. Kaşmir barada aýdan sözleri üçin Jenap Erdogana sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Imran Han “Pakistan Siriýadan Türkiýä guralýan hüjümlere garşy size elmidama goldaw berer”diýip belledi.



Degişli Habarlar