Milli Goranmak ministri Akar iňlis we fransuz kärdeşleri bilen duşuşdy

Liwiýada we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Milli Goranmak ministri Akar iňlis we fransuz kärdeşleri bilen duşuşdy
Florence Parly-Hulusi Akar.jpg
Hulusi Akar-Ben Wallace.jpg

 

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgriýanyň paýtagty Brýussele giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar iş saparynyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär.

Hulusi Akar ilki Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uolles bilen duşuşdy. Akar soň bolsa Fransiýanyň Goranmak ministri Florens Parly bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda harby, howpsyzlyk we goranyş taýdan edilýän hyzmatdaşlyk bilen birlikde, Liwiýada we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Idlibde guralýan hüjümler sebäpli emele gelen uly gumanitar pajyganyň ortadan aýrylmagy meselesi seljerildi.

Akar Idlide öýlerini terk etmeli bolan asuda ilatyň hüjümler we basyşlar sebäpli Türkiýä tarap gelýändigine aýratyn ünsi çekdi.



Degişli Habarlar