Çawuşogly Idlib meselesini maslahatlaşmak üçin türk wekiliýetiň Russiýa gitjekdigini habar berdi

Beýanat Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly tarapyndan berildi

1358182
Çawuşogly Idlib meselesini maslahatlaşmak üçin türk wekiliýetiň Russiýa gitjekdigini habar berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýeden bir wekiliýetiň Russiýa gidip, Idlib meselesi bilen bagly gepleşikler geçirjekdigini mälim etdi.

Russiýadan gelen wekiliýetiň Ankarada geçiren gepleşiklerinden soň, bu gezek bolsa Türkiýeden bir wekiliýet Russiýa gider.

Albaniýanyň Ýewropa we Daşary işler ministriniň wekili Gent Jakaj bilen ýurdyň paýtagty Tirana şäherinde umumy metbugat ýygnagyny geçiren Mewlüt Çawuşogly, Idlibde başdan geçirilen soňky hadysalaryň üstünde durup geçdi.

“Şehit bolan esgerlerimiziň ganyny ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys” diýen Çawuşogly: “Hormatly Prezidentimiz, Russiýanyň Döwlet baştutany Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Öňümizdäki günlerde bizden bir wekiliýet Russiýa gider. Russiýa bilen birlikde işleşip, ylalaşygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýäris” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar