Türk we rus wekiliýetleri Idlib meselesini maslahatlaşdylar

Türkiýäniň we Russiýanyň wekiliýetleri Siriýanyň Idlib şäherindäki hadysalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen düýn paýtagt Ankarada gepleşikler geçirdiler

1355736
Türk we rus wekiliýetleri Idlib meselesini maslahatlaşdylar

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky Daşary işler ministrligi, Baş Ştab we Milli Howpsyzlyk gullugy bilen Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Sergeý Werşininiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili ilçi Aleksandr Lawrentýewiň ýolbaşçylygyndaky Rusiýanyň harby we razwedka gulluklaryndan ybarat wekiliýetleriň arasynda iki tapgyr görnüşinde 3 sagatlyk gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklerde Idlibdäki ýagdaý ele alyndy, sebitde iň gysga wagtda parahatçylygyň ýola goýulmagy we syýasy etabyň özgerdilmegi üçin edilip bilinjek ädimleriň üstünde durulyp geçildi.

Gepleşikleriň öňümizdäki hepdelerde hem dowam edilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.



Degişli Habarlar