Türkiýäniň ilaty 83 million 154 müň 997 adama ýetdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy, Salga esaslanylyp ilatyň sanynyň bellige alyş ulgamynyň 2019-njy ýyldaky netijelerini çap etdi

1353078
Türkiýäniň ilaty 83 million 154 müň 997 adama ýetdi

Türkiýäniň ilaty 2019-njy ýylda 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1 million 151 müň 115 adam artyp, 83 million 154 müň 997 adama ýetdi.

Türkiýäniň Hasabat guramasy, Salga esaslanylyp ilatyň sanynyň bellige alyş ulgamynyň 2019-njy ýyldaky netijelerini çap etdi.

2018-nji ýylda 82 million 3 müň 882 adam bolan ilatyň sany 2019-njy ýylda 1 million 151 müň 115 adam artyp 83 million 154 müň 997 adama ýetdi.

Erkek ilatyň sany 50,2 göterim ýagny 41 million 721 müň 136 adam, zenan ilatyň sany 49,8 göterim ýagny 41 milllion 433 müň 861 adam hökmünde bellige alyndy.

Etrapçalarda we obalarda ýaşaýanlaryn sany  72,2 göterim aşaklady.

 


Etiketkalar: #zenan , #erkek , #ilat

Degişli Habarlar