Erdogan ýerli harby uçaryň 2023-nji ýylda angardan çykjakdygyny habar berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, ýerli harby uçaryň 2023-nji ýylda angardan çykjakdygyny mälim etdi

1353949
Erdogan ýerli harby uçaryň 2023-nji ýylda angardan çykjakdygyny habar berdi

Prezident Erdogan Kyrykkale welaýatynda Ok-däri bölüşdirme we sortlama desgasynyň açylyş dabarasynda söz sözledi.

Prezident Erdogan, goranyş senagatynda soňky 17 ýylda eden göçümleri bilen ýerlilik we millilik derejesini 20 göterimden 70 göterime ýetirendiklerini habar berdi.

Ýerli mümkinçilikler bilen özgerdilern HISAR-A raketa ulgamy bilen baglanşykly Erdogan: “Bu ulgamy mümkin bolan iň gysga wagtda Siriýa serhedimize ýerleşdirip, möhüm bir kemçiligimizi ortadan aýyrarys” diýip nygtady.

Prezident Erdogan ýerli raketa bolan Bozdagany hem iň gysga wagtda inwentara girizjekdiklerini aýan etdi.

Milli harby uçaryň önümçiliginiň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Dizaýnyndan başlap, önümçiligine çenli ähli etapda ýerli boljak harby uçarymyzy nesip bolsa 2023-nji ýylda angardan çykararys” diýip mälim etdi.

Erdogan, Türkiýä F-35 harby uçarlaryny bermezlik bilen hemle atýan ABŞ-e iň gowy jogaby bolsa, öz milli uçarlary bilen berjekdiklerini beýan etdi.


Etiketkalar: #angar , #uçar , #Erdogan

Degişli Habarlar