Türkiýe Hytaýyň Uhan şäherindäki raýatlaryny ýurda getirmek üçin işe girişdi

Uçar türk raýatlaryny, lukmanlaryň we ýokanç keseller bilen bagly hünärmenleriň ýoldaşlyk etmeginde Türkiýä getirer

1350450
Türkiýe Hytaýyň Uhan şäherindäki raýatlaryny ýurda getirmek üçin işe girişdi

Täze görnüş koronawirus epdemiýasynyň dörän ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherindäki türk raýatlaryny Türkiýe getirjek harby ýük uçary, Kaýseri welaýatynda paýtagt Ankaradaky Etimesgut harby howa menziline geldi. 

Kaýseri 12-nji howa Aragantaşyk bazasyndan ýola çykan, Türkiýäniň Harby howa güýçlerine degişli A400M kysymly ýük uçary, Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen operasiýanyň çäginde, lukmanlary we lukmançylyk enjamlaryny alanyndan soň Hytaýa tarap ugrar. 

Tiz kömek uçar, epidemiýanyň ýüze çykan ýeri bolan Uhanda ýaşaýan we Türkiýä gaýdyp gelmek barada talap bildiren raýatlary, lukmanlaryň we ýokanç keseller bilen bagly hünärmenleriň ýoldaşlyk etmeginde Türkiýä getirer. 


Etiketkalar: #Hytaý , #uçar

Degişli Habarlar