Türk resmiler Elazyg welaýatyndaky ýer titreme bilen bagly beýanat berdiler

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja we Adalat ministri Abdülhamit Gül Elazyg welaýatynyň gubernatorlygynda metbugat ýygnagyny geçirdiler

1348142
Türk resmiler Elazyg welaýatyndaky ýer titreme bilen bagly beýanat berdiler

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, güýç merkezi Elazyg welaýatynyň Siwrije etraby bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titreme bilen baglanşykly: “Şu günden başlap hem Malatýada hem-de Elazygda döwlet edaradyr-kärhanalary işlemäge başlady” diýip habar berdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Elazyg welaýatynda häzirki wagta çenli 45 ýaşaýyş ýeriniň döredilendigini, ol ýerlerdäki adamlaryň nahar we beýleki zerurlyklar bilen üpjün edilýändigini mälim etdi.

Ministr Soýlu, Elazygyň merkezi Holpenk etrapçasynda 1000 konteýnerlik wagtlaýyn ýaşaýyş merkeziniň gurluşygyna başlanandygyny habar berdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu: “Uly zeper ýeten we ýumruljak öýler üçin 30 müň lira, gyssagly kireý öýler üçin bolsa 11 müň lira bolmak bilen jemi 41 müň lira beriler. Orta derejeli zeper ýeten öýler üçin bolsa göni 5 müň lira gyssagly kömek beriler, soň bolsa 27 müň liralyk uzak möhletli göterimsiz kredit bereris” diýip beýan etdi.

Süleýman Soýlu, obalarda ýumrulan öýler üçin bolsa 16 müň liralyk pul kömeginiň beriljekdigini mälim etdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja bolsa, hassahanalarda bejergileri dowam edýän 86 ýaraly adamyň bardygyny habar berdi.

Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum bolsa, Elazyg welaýatynda 2 müň täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlanjakdygyny belläp, meýdan we ýer derňew işleriniň şu gün başlandygyny aýan etdi.

Adalat ministri Abdülhamit Gül bolsa, sebitdäki tussaghanalarda saklanaýan tussaglylaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar