Erdogan: “Türkiýe-Alžir Erkin söwda ylalaşygy üçin gerek bolan ädimler iň gysga wagtda ediler”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Türkiýe bilen Alžiriň arasynda Erkin söwda ylalaşygy üçin gerek bolan ädimleriň iň gysga wagtda ediljekdigini habar berdi

1348012
Erdogan: “Türkiýe-Alžir Erkin söwda ylalaşygy üçin gerek bolan ädimler iň gysga wagtda ediler”

Prezident Erdogan, Alžirde myhmanhanalaryň birinde düýn geçirilen Türkiýe-Alžir Işewürler forumynda eden çykyşynda, forumyň Türkiýäniň iş dünýäsi we işewürleri üçin täze hyzmatdaşlyklara, täze maksatnamalara, täze taslamalara we maýa goýumlara itermegini diledi.

Ikiçäk duşuşyklarda işewürleriň öňüni aşjak we olary höweslendirjek ençeme karar kabul edendiklerini aýdan Prezident Erdogan: “Şu günki gün 210 ykdysady zolaga ekport amala aşyrýan we 222 ýurtdan import ýerine ýetirýän bir ýurtdyrys. 2002-nji ýylda eksportymyz 36 milliard dollar bolan bolsa, bu mukdary şu ýyl 181 milliard dollara ýetirdik. Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen umumy söwda kuwwady soňky 17 ýylda 381 göterim artyp, 26 milliard dollara ýetdi. Diňe bu materige edýän eksportymyz 16 milliard dollara ýetdi” diýip habar berdi.

Prezident Erdogan, Türkiýe-Afrika söwda kuwwadyny 50 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini, Alžiri dost we doganlyk bir ýurt görmekden öte, Türkiýäniň Demirgazyk Afrikadaky strategik hyzmatdaşlaryndan biri hökmünde kabul edýändiklerini aýan etdi.

Beýleki tarapdan Erdogan, Söwda ministrliginiň we Daşary Ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň guramaçylygynda Stambul şäherinde Türkiýe-Afrika 3-nji ykdysady we Işewürler forumyny geçirmegi göz öňünde tutýandyklaryny habar berdi.

Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky söwda kuwwadynyň eýýäm ençeme wagt bäri 4 milliard dollar derejesindedigini ýatladan Erdogan: “Öz sebitleriniň önümçilik we söwda merkezleri bolan ýurtlarymyz üçin bu mukdar elbetde möhümdir, emma ýeterlik derejede däldir. Şu gün Hormatly Prezident bilen ikitaraplaýyn söwdamyzy gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmek barada karar kabul etdik. Mundan başgada gol çeken umumy şertnamamyz bilen ýurtlarymyzyň arasynda Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň döredilmegini ýola goýdyk” diýip mälim etdi.

Rejep Taýýip Erdogan, çykyşynda, oba hojalyk, syýahatçylyk, azyk senagaty, energetika, nebit-himiýa we goranyş senagaty ugurlarynyň iki ýurdyň hyzmatdaşlygyny özgertjek esasy ugurlardygyny aýan etdi.



Degişli Habarlar