Türkiýäniň Prezidenti Alžire bardy

Prezident R.T. Erdogan, alžirli kärdeşi Abdulmejid Tebbunyň çakylygyna laýyklykda “TUR” atly ýörite uçar bilen Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:35-de Alžire bardy

1347572
Türkiýäniň Prezidenti Alžire bardy

Prezident Erdogan, Alžiriň Huari Bumedýen howa menzilinde ýurdyň Prezidenti Abdulmejid Tebbun tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdoganyň we Tebbunyň dabara meýdançasyndaky ýerlerine geçenlerinden soň, iki ýurdyň milli senalary ýaňlandy.

Dabara toparyna salam beren Erdogan we Tebbun, ondan soň bolsa wekiliýetlerini biri-birleri bilen tanyşdyrdylar.

Prezident Erdogan we Tebbun, dabaradan soň gysga wagtlyk duşuşyk geçirdiler.

Garşylamak dabarasyna, Alžiriň Medeniýet ministri Malika Bandouda, Protokolyň başlygy Belkajem Laribi we Türkiýäniň Alžirdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mahinur Özdemir Göktaş ýaly resmiler gatnaşdylar.

Prezident Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Milli Goranmak ministri Mustafa Warank, Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, Prezidenti ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem Alžire gitdiler.


Etiketkalar: #sapar , #Alžir , #Erdogan

Degişli Habarlar