Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Ankaradaky ilçisini kabul etdi

"Ilçi Abdulgadere iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly goşant goşandygy üçin sag bolsun aýdýaryn”

1346788
Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Ankaradaky ilçisini kabul etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdurrazag Mukhtar Ahmed Abdulgaderi kabul etdi.

Stambuldaky kabul edilşikden soň mesele hakynda beýanat beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Ýurdumyzdaky iş möhledi gutaran Liwiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdurrazag Mukhtar Ahmed Abdulgadere iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly goşant goşandygy üçin sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

 

 

 


Etiketkalar: #ilçi , #Liwiýa , #kabul edildi

Degişli Habarlar