Çawuşogly Russiýa Idlib bilen bagly çagyryş berdi

Çawuşogly, Şweýsariýada dowam edýän 50-nji Bütindünýä Ykdysady forumyň çäginde geçirilen Ýakyn Gündogar we Afrikanyň geosyýasy görkezijileri atly bölümde çykyş etdi

1345584
Çawuşogly Russiýa Idlib bilen bagly çagyryş berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Siriýanyň Idlib şäherinde ýagdaýyň entegem tankydydygyny belläp, Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň kepillendirijisi bolan Russiýanyň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmegine garşýandyklaryny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde dowam edýän 50-nji Bütindünýä Ykdysady forumyň çäginde geçirilen Ýakyn Gündogar we Afrikanyň geosyýasy görkezijileri atly bölümde çykyş etdi. 

"Ähli meseleleriň çözgüdinde Türkiýe hökmünde işjeň rol eýeleýäris" diýen Çawuşogly, Türkiýäniň Siriýa krizisiniň adamzat ölçegleri boýunça 3,6 million adama gapysyny açandygyny, siriýalylaryň ýurtlaryna meýletin we howpsyz ýagdaýda gaýdyp barmaklary babatynda işler geçirýändigini mälim etdi. 

Çykyşynda, Russiýa bilen Siriýa we Liwiýa ýaly meseleler boýunça bilelikde işleýändiklerini aýdan Çawuşogly, şonuň saýasynda Idlibde adamzat krizisiniň öňüni alandyklaryny habar berdi. 

Idlibde ýagdaýyň entegem tankydydygyny aýan eden Mewlüt Çawuşogly: "Asada tabynlykdaky güýçleriň tapawut goýmadan asuda ilata garşy guraýan hüjümleri kabul edilmez. Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň kepillendirijisi bolan Russiýanyň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmegine garşýarys. Prezidentimiz Germaniýanyň Berlin şäherinde muny Putine ýaňadandan ýatlatdy" diýip mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar