Türkiýe daşary ýurtly terrorçylary öz ýurtlaryna ugratmaga dowam edýär

Düýn ýurduna ugradylan Germaniýanyň raýaty bolan 1 terrorçy Frankfurt şäherinde tussag edildi

1343064
Türkiýe daşary ýurtly terrorçylary öz ýurtlaryna ugratmaga dowam edýär

Germaniýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan 29 ýaşyndaky zenany we onuň 3 çagasyny daşaýan ýolagçy uçar, düýn gije Frankfurt howa menziline gondy.

Polisiýa işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alynan zenan Koblens Baş prokuraturasynyň talabyna laýyklykda tussag edildi.  

Tussag edilen zenanyň Germaniýada terror guramasyna ýardam we goldaw bermek aýyplamasy bilen ozal tussag edilmek barada kararynyň bardygy aýan edildi.

Terrorçy zenanyň 1 erkek we 2 gyz çagalary bolsa çagalar öýüne tabşyryldy.

Soňky yza gaýtarmak işleri bilen birlikde 2019-njy ýylyň 11-nji noýabryndan bäri Türkiýeden öz ýurtlaryna ugradylan daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň sany 179-a ýetdi.


Etiketkalar: #zenan , #terrorçy , #Germaniýa

Degişli Habarlar