“Gapan-4 Mawa” operasiýasy dowam edýär

Ýurdyň içinde terrora garşy göreşiň çäginde başladylan “Gapan” operasiýalary giň gerimli dowam edýär

1342713
“Gapan-4 Mawa” operasiýasy dowam edýär

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan, Türkiýäniň Batman welaýatynda Žandarma güýçlerinden, Polisiýa gullugyndan we Howpsyzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 795 adamyň gatnaşmagynda geçirilýän “Gapan-4 Mawa” atly operasiýa giň gerimli dowam edýär.

Şol çäkde, Batman welaýatynyň Mawa diýilen ýerinde bardygy çaklanylýan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen düýn başladylan we Diýarbakyr sebitleýin Žandarma güýçleri we Batmanyň welaýat Žandarma serkedeliginiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän “Gapan-4 Mawa” operasiýasynda, häzirki wagta çenli terrorçylar tarapyndan ulanylan 13 gaçybatalga we 28 gowak ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi.

Gowaklarda geçirilen gözleg işleriniň çäginde, topragyň aşagyna gizlenen 5 kg partlaýjy madda, köp mukdarda azyk, ýaşaýyş enjamlary we gaz balon ýok edildi.

Beýleki tarapdan operasiýanyň çäginde anyklanan gowaklaryň birinde kellesinden atylan 1 adamyň jesedi tapyldy.



Degişli Habarlar