Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Erdogan, ykdysadyýetde 3,4 göterim derejesindäki global ösüş çaklamasyndan has ýokary ösüş etmegi maksat edinýändiklerini habar berdi

1342050
Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi
cumhurbaskani erdogan 2019 degerlendirme.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ykdysadyýetde 3,4 göterim derejesindäki global ösüş çaklamasyndan has ýokary ösüş etmegi maksat edinýändiklerini habar berdi.

Beştepe Millet Kongres we Medeniýet merkezinde, 2019-njy ýylyň jemlerini jemlemek boýunça geçirilen maslahatda çykyş eden Erdogan, Täze Ykdysady maksatnama boýunça inflýasiýanyň şu ýyl 8,5 göterime, maksatnamanyň soňunda bolsa 4,9 göterime çenli aşakladylmagyny maksat edinýändiklerini belläp: “Şu ýyl 5 göterimlik ösüşe ýetip, 3,4 göterim derejesindäki global ösüş çaklamasyndan geçmegi maksat edinýäris” diýip mälim etdi.

Erdogan, Täze Ykdysady maksatnama görä, öňümizdäki 3 ýylyň içinde iş orunlaryny 3,2 million orunlyk artdyryp, 2022-nji ýylda işsizligi 9,8 göterime çenli aşaklatmagy maksat edinýändiklerini aýan etdi.

Geçen ýyl milli birligi we jebisligi has hem güýçlendirendiklerini, terror guramalaryny serhetden uzaklaşdyrandyklaryny, harby agdarlyşykçylara dünýäni zyndan edendiklerini, serhediň ugry boýunça döredilmäge synanyşylan terror koridoryny bölek-bölek edendiklerini, ykdysadyýete garşy gurulan duzaklary ýok edip, ýaňadandan maksatlara gönügendiklerini aýdan Erdogan: “Indi bolsa ösüşi, önümçiligi, eksporty, iş orunlaryny artdyryp, Ortaýer deňizi başda bolmak bilen halkara derejedäki hukuklarymyza eýe çykyp, täze bir ösüş eýýamynyň gapylaryny açýarys. Şol çäkde 2019-njy ýylyň ykdysady görkezijileri, Türkiýäniň iň kyn şertlerdede näme edip biljekdigini görkezýän bir üstünlik hekaýasydyr. Nesip bolsa 2020-nji ýylda hem ähli ugurlar boýunça has uly ösüşler edip, milletimiziň bize beren ýürekden goldawy we pidakärligi üçin borjumyzy berjaý etmäge çalyşarys” diýip nygtady.

Çykyşynda terrora garşy göreşiň hem üstünde durup geçen Erdogan, geçen ýyl ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýalarda 1250 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini we ençeme terrorçylykly aksiýanyň öňüniň alynandygyny habar berdi.

“DAIŞ, Al Kaýda we beýleki terror guramalaryna garşy geçirilen operasiýalarda bolsa 388 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip aýan eden Erdogan: “Maksadymyz 780 müň ind kilometrlik watanyň topraklarynda raýatlarymyz asuda, howpsyz, durnukly, geljegine ynamly bir ýagdaýda ýaşamaklaryny üpjün etmekdir” diýip mälim etdi.

Erdogan, Türkiýäniň ilkinji ýerli emeli hemrasy bolan TÜRKSAT 6A-ny şu ýyl tamamlap, 2021-nji ýylda älem giňişligine uçurjakdyklaryny beýan etdi.

Erdogan, saglygy goraýyş, bilim, adalat, ykdysadyýet, oba hojalyk pudaklary boýunça geçen ýyl ýerine ýetirilen işler barada maglumat berip, öňümizdäki ýyllarda hem üstünlikli işleri amala aşyrjakdyklaryny aýan etdi.



Degişli Habarlar