Batman welaýatynda “Gapan-4 Mawa” atly operasiýa başlady

Türkiýäniň Batman welaýatynda Žandarma güýçlerinden, Polisiýa gullugyndan we Howpsyzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 795 adamyň gatnaşmagynda “Gapan-4 Mawa” atly operasiýa başlady

1341810
Batman welaýatynda “Gapan-4 Mawa” atly operasiýa başlady

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan, Batman welaýatynda Žandarma güýçlerinden, Polisiýa gullugyndan we howpsyzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 795 adamyň gatnaşmagynda “Gapan-4 Mawa” atly operasiýasynyň başlandygyny habar berdi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanata görä, ýurdyň içinde terrora garşy göreşiň çäginde geçen hepde başladylan Gapan operasiýalary, ýaramaz howa şertlerine garamazdan giň gerimli dowam edýär.

Şol çäkde Batman welaýatynyň Mawa diýilen ýerinde bardygy çaklanylýan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen “Gapan-4 Mawa” atly operasiýa başladyldy.

Diýarbakyr sebitleýin Žandarma güýçleri we Batmanyň welaýat Žandarma serkedeliginiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän operasiýa Žandarma güýçlerinden, Polisiýa gullugyndan we Howpsyzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 795 adam gatnaşýar.



Degişli Habarlar