Türkiýe Idlibde we Liwiýada hüjümleriň bes edilmegine goldaw berýär

Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib şäherinde hüjümleriň bes edilendigini nygtady

Türkiýe Idlibde we Liwiýada hüjümleriň bes edilmegine goldaw berýär

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib şäherinde hüjümleriň bes edilendigini nygtady.

Milli Goranmak ministri Akar, Siriýanyň Idlib şäherinde we Liwiýada hüjümleriň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk barada beýanat berdi.

Idlibde we Liwiýada umuman alnanda ylalaşyga laýyklykda hereket edilýändigini aýdan Akar “Biz gazanylan ylalaşyklara goldaw berýäris. Idlibde we Liwiýada gysga wagtda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegini, umyt edýäris” diýdi.

Hulusi Akar Türkiýäniň Idlibde we Liwiýada başdan geçirilýän krizisiň çözülmegi üçin tagalla edýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar