Erdogan: “Hafter ylalaşyk tekstine gol çekmeden Moskwadan gaçdy” diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

Erdogan: “Hafter ylalaşyk tekstine gol çekmeden Moskwadan gaçdy” diýdi

Prezident Erdogan, huntaçy general Hafteriň Liwiýadaky taraplaryň arasyndaky çaknyşyklary bes etdirjek od açmazlyk baradaky ylalaşygyň tekstine gol çekmeden düýn Russiýanyň paýtagty Moskwadan gaçandygyny habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan, çykyşynda ylalaşyk şertnamasyna gol çekmeden Moskwadan gaçan huntaçy Haftere nägilelik bildirdi.

“Türkiýe öňüni almadyk bolsady, şu gün huntaçy Hafter ýurdyň ähli ýerini basyp alyp, Liwiýanyň halkyny zulumyň gola astyna düşürerdi” diýen Erdogan: “Ylalaşygy ýazmaça görnüşe geçirmek maksady bilen düýn Moskwada geçirilen gepleşiklerde Tripoliniň hökümeti ylalaşyjy pozisiýa alyp bardy. Bu pozisiýa garamazdan huntaçy Hafter ylalaşygyň tekstine gol çekmedi. Ilki bada bolýar diýdi, soň bolsa gynansagam Moskwany terk etdi, Moskwadan gaçdy we gol çekmedi. Emma wekliýetimiz ol ýerdäki dogruçyl pozisiýasy bilen goluny çekdi we häzirki wagtda ähli resminamalar biziň elimizde. Biz öz wezipämizi ýerine ýetirdik, mundan soňky etap Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine we onuň toparyna galdy. Biz hiç wagt aýdan sözmizi inkär etmedik” diýip belledi.

Erdogan: “Hafteriň orta goýan şertleri hakyky ýüzüni görkezdi. Ozalky ylalaşyklardan hem reýesteriniň gowy däldigini örän gowy bilýäris. Ylalaşygy ret etmegi hem bizi geň galdyrmady. Emma bu gezek öňkülerden tapawutlylykda işiň içinde Türkiýe bar. Düýn Moskwada geçirilen gepleşiklere, huntaçy Hafteriň hakyky ýüzüni görkezmegi taýdan oňyn garaýarys” diýip nygtady.

Erdogan: “Ýurdyň kanuny hökümetine we Liwiýadaky doganlarymyza hüjümler dowam eden halatynda, huntaçy Haftere özüne mynasyp jogaby bermekden asla çekinmeris” diýip aýan etdi.

Siriýada ylalaşygyň düzgünlerini bozmaga dowam edýän Başar Asada hem nägilelik bildiren Erdogan: “Gerek bolsa Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümlerini öňüni almakda tutanýerlidiris” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem huntaçy Hafteriň Liwiýada gazanylan ylalaşyga gol çekmezligini dowam etdiren halatynda Berlin etabynyň manysynyň galmajakdygyny habar berdi.

Çawuşogly: “Türkiýe hökmünde Prezidentimiziň liderliginde Liwiýada ylalaşyk we parahatçylyk üçin öz üstümize düşeni ýerine ýetrdik, mundan soň hem etmäge dowam ederis. Emma şu ýerde şuny gördük: kimiň parahatçylyk isleýändigini, kimiň Liwiýada jebislik we agzybirlik isleýändigini, kimiň bolsa islemeýändigini aý-aýdyň gördük” diýip belledi.


Etiketkalar: Siriýa , Liwiýa , Erdogan

Degişli Habarlar