Türkiýe we Russiýa Idlibde od açmazlyk babatynda ylalaşyk gazandylar

Türkiýe we Russiýa Federasiýasy, Siriýanyň Idlib şäherinde 12-nji ýanwar sagat 00:01-dan başlap od açmazlyk babatynda ylalaşyk gazandylar

1338852
Türkiýe we Russiýa Idlibde od açmazlyk babatynda ylalaşyk gazandylar

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde, howa we gury ýer hüjümleriniň bes edilmegi, adam ýitgileri bilen täze bosgun akymynyň öňüniň alynmagy we gündelik durmuşyň kadalaşmagyny üpjün etmek maksady bilen od açmzalyk barada karara gelindi.

Şol çäkde Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň sebitde 2020-nji ýylyň 12-nji ýanwary sagat 00:01-dan başlap, od açmazlyk babatynda ylalaşyga gelendikleri habar berildi.



Degişli Habarlar